Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimliginiň 23.06.2021ý çykaran karary esasynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde paýly gurluşygyň hasabyna 2 gatly ýaşaýyş jaýlary gurmak işleri başlady. 2023-nji ýylyň iýul aýynda gurluşygy tamamlap ulanyşyga tabşyrmak meýilleşdirilidi.
Timarlaýyş işlerinde döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylan ägirt uly dört gatly bina otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 48-sini öz içine alýar. Şolaryň 12-si üç otagly (meýdany 160 inedördül metr), 24-si dört otagly (meýdany 180 inedördül metr) hem-de 12-si bäş otagly (meýdany 202 inedördül metr) öýlerdir.
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nurana günlerinde welaýatda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet günleriniň giňden bellenilýän günlerinde, Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi, baýramçylyk çäreleriniň ruhubelentligini has-da artdyrdy. “Döwlet adam – üçindir” diýen hemişelik ýörelgäni öňe süren mähriban Arkadygymyzyň öz halky barada edýän uly aladalary, Daşoguz şäherinde-de örän äşgär duýulýar. Şäheriň “Şagadam” köçesiniň ugrunda 4 gatly 24 öýli, 4 gatly 1-nji gaty dükanly 12 öýli hem-de 4 gatly 16 öýli ähli amatlyklary göz öňünde tutulan jaýlarynyň bir bada üçüsiniň hem ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Täze ymaratlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Joşgun bina“ hususy gurluşyk kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde bina etdiler. Asylly däbe görä bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Dabara medeniýet hepdeligine gatnaşýan dörejilik işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary , jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşuly nesliniň wekilleri , mährem eneler şäheriň ýaşaýjylary we beýleki köp sanly adamlar uly höwes bilen gatnaşdylar.
8-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Täze jaýlar olara göçüp baranlara Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat boldy. Täze ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän döwrebap jaýlaryň her biri dört gatdan, ähli amatly şertler döredilen 3, 4 we 5 otagly öýlerden ybaratdyr. 288 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardylar. Açylyş dabarasynda olaryň birnäçesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öý almak bagty nesip eden bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryndan soň, täze jaýlaryň toý bagy kesildi. Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň amatlyklary bilen tanyşdylar hem-de jaý toýlaryny toýlaýan döwletli maşgalalarda myhman bolup, olary täze öýlere göçüp gelmekleri bilen gutladylar.
