Biz barada

Biziň Gurluşyk kompaniýamyz, ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat binalarynyň, gurluşyk bilen baglanyşykly hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Şeýle hem, ýörite enjamlar we ýük daşamak hyzmatlaryny hödürleýäris.

Biz kärhanamyzyň üsti bilen ýurtda oňyn üýtgeşiklik girizip biljekdigimize ynanýarys.

“Joşgun bina” hususy kärhanasy

10.09.2013ý “Joşgun Bina” hususy kärhanasy Döwlet tarapyndan bellige alyndy hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk sanawyna girizildi.

“Joşgun Bina” hususy kärhanasy öz gurýan döwrebap ýaşaýyş jaýlary otaglarynyň giňligi , ähli amatlyklarynyň göz öňünde tutulýandygy , ýaşaýjylar üçin zerur bolan ähli serişdeler bilen üpjün edilendigi bilen tapawutlanýar. Ýurdymyz sebitlerinde gurluşygyň sazlaşykly ösýändigi täze döwrebap we şäherçeleriň döredilýändigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň döredijilikli,öňden görüjülikli we her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadanlygyny bagtyýarlygyny esasy ugur edinýän Döwlet syýasatynyň anyk netijeleridir.